Ýene sanlyja günden Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tamamlanyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary berlen täze 2026-njy ýyla gadam basylar. Şol sebäpli her ýyl bellenilýän Täze ýyl baýramynyň dabaralary uly şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak üçin uly taýýarlyk işleri görüldi.
Arkadag şäheriniň baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy şähere has hem gözellik nuruny çaýdy. Şäheriň binalary, ýollary, seýilgähleri dürli öwüşginli yşyklar bilen bezeldi. Adamlar bir-birege ýagşy arzuwlaryny aýtmak bilen, geljek ýylyň düşümli bolmagyny arzuw edýärler.
Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagynda yşyklary ýakylandan bäri şäherdäki baş arçanyň töweregi hemişe şadyýan çagalardan doly. Bu ýerde diňe çagalar däl, eýsem, ata-eneler, şähere gezelenç edýän myhmanlar hem bar.
Körpejeleriniň elinden tutup, şähere gezelenç edip ýören ildeşlerimiz şeýle owadan pursatlary suratlarda ebedileşdirýärler.
Täze ýyl baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde dabaraly çäreler, gyzykly çykyşlar geçirilýär. Şowhunly konsertler taýýarlanýar. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanada, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat we Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdeplerinde ýörite dabaralar guralýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçjek täze 2026-njy ýyl bütin halkymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolýan, bedew batly ösüşleriň ýyly bolsun!