Täze Gemini 3 AI modeliniň çykarylmagy Google (Alphabet) paýnamalarynyň taryhy ösüşine sebäp boldy. Şeýle netijede korporasiýanyň esaslandyryjysy Larri Peýjiň şahsy baýlygy $255 mlrd çenli ýokarlanyp, Forbes reýtinginde ikinji orna çykdy. Sergeý Brin bolsa $236,4 mlrd baýlygy bilen dördünji orny eýeledi.
Google paýnamalary 6%-den gowrak ýokarlandy, bu bolsa esaslandyryjylaryň mal-mülkiniň hem ep-esli artmagyna sebäp boldy. Olar birleşen ýagdaýda B synp paýnamalaryň uly paýyna eýedirler.
Awgust aýyndan bäri Google (Alphabet) paýnamalarynyň 67% ýokarlanmagy diňe Gemini 3 modeliniň üstünlikleri bilen däl, eýsem kompaniýanyň güýçli maliýe netijeleri bilen hem şertlendirilen.
Rekord girdeji:
Bulut ulgamy saýasynda girdejiniň 34% ýokarlanmagynyň netijesinde, Alphabet ilkinji gezek bir çärýegiň jeminde umumy $100 mlrd-den gowrak girdeji gazandy.
Forbes reýtingi:
Larri Peýj Oracle-yň esaslandyryjysy Larri Ellisony ($248,8 mlrd) geçip, ony üçünji orna düşürdi. Sergeý Brin hem Jeff Bezosdan öňe geçdi. Peýjiň Brinden öňe geçmeginiň sebäbi — onuň paýnamalarynyň has uly bölegini saklap galmagy, Brin bolsa köp sanly haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanyp, öz paýynyň bir bölegini satdy.
Tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň çalt ösýän şertlerinde maýadarlaryň arasynda emeli aň pudagynda birža köpügiň döremeginiň hökmanylygyna bolan alada güýçlenýär. Mysal üçin, Oracle paýnamalarynyň peselmegi hem şol ätiýaçlylygyň bir görkezijisidir.
ORIENT
➡️ Goşmaça okaň:
Ant Group rekord goýdy: LingGuang AI-kömekçisi 4 günde 1 million gezek ýüklenip alyndy
