Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini we amatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen täze onlaýn bellige ýazylmak ulgamynyň girizilendigini habar berdi.
Indi konsullyk meselelerini çözmek üçin ýüz tutujylara öňünden Baş konsullygyň resmi sahypasy arkaly şu salgydan onlaýn bellige ýazylmak maslahat berilýär:
http://istanbul.tmembassy-gov.tm/appointment.
Onlaýn bellige ýazylan raýatlar, nobata garaşmazdan, bellenilen wagtda kabul ediler. Öňünden bellige ýazylman gelýänler bolsa umumy nobat boýunça kabul edilip, zerur hyzmatlaryny alyp bilerler.
Täze ulgamyň girizilmegi konsullyk edaralarynyň işini gowulandyrmaga hem-de Türkiýede ýaşaýan we bolýan Türkmenistanyň raýatlary üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
ORIENT
