Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ylym we bilim ulgamyna sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň geljegine bagyşlanan utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň, Malaýziýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Belarusyň, BAE-niň we beýleki birnäçe ýurtlaryň ylmy we tehnologik düzümleriniň wekilleri hem-de bilermenleri gatnaşdylar.
Maslahatyň maksatnamasyna sanly innowasion tehnologiýalaryň we emeli aňyň halkara tejribesi, sanly çözgütleriň bilim ulgamyndaky hem-de önümçilikdäki orny, şeýle hem çalt ösýän sanly gurşawda kiberhowpsuzlyk meseleleri baradaky maslahatlaşmalar girizildi. Mejlisiň dowamynda uniwersitetleriň, ylmy-barlag institutlarynyň, halkara kompaniýalarynyň we degişli ministrlikleriň wekilleri tarapyndan birnäçe çykyşlar edildi.

Gatnaşyjylar bilimi döwrebaplaşdyrmakda, ylmy barlaglaryň netijeliligini artdyrmakda we önümçiligi kämilleşdirmekde sanly özgertmeleriň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler. Sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň amaly ugurlaryna, emeli aňyň okuwda we senagatda ulanylmagyna, şeýle hem maglumatlaryň goragyna bagyşlanan çykyşlar aýratyn gyzyklanma döretdi.
Maslahat tejribe alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek we sanly tehnologiýalaryň ylmyň we bilimiň ösüşine açýan täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilik döretdi.

Maksatnamanyň merkezi bölümleriniň biri Türkmenistanyň Aragatnaşyk pudagynyň wekili çykyş etdi. Ol ýurdumyzyň sanly tehnologiýalar ugrundaky üstünlikli taslamalary we halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanyp barýandygyny belledi.
Aragatnaşyk pudagynyň wekili şeýle diýdi:
«Şu ýyl maý aýynda tamamlanan, BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilen Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyş-çalşygynyň ulgamyny ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamanyň üstünlikli amala aşyrylandygyna ünsi çekesim gelýär. Bu ulgam döwlet edaralarynyň arasynda täsirli maglumat alyş-çalşygy üpjün edýär, açyklygy ýokarlandyrýar, raýatlaryň we telekeçileriň bähbitlerine laýyklykda elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilik döredýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk sanly infrastruktura ösüşine, innowasion ekoulgamynyň döredilmegine we tehnologik telekeçiligiň goldanylmagyna gönükdirilen möhüm başlangyçlary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi.
Döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça türgenleşikler, okuw maslahatlary we halkara tejribe alyşmalary arkaly aýratyn üns berilýär, şeýle hem netijeli döwlet dolandyryşy üçin ýöriteleşen hünärmenleri taýýarlamak işi dowam edýär.

Mundan başga-da, E-governance Academy, Innopolis University ýaly öňdebaryjy bilim we tehnologik merkezleri hem-de beýleki innowasion taslama meýdançalary bilen halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Bu bolsa tejribe alyşmaga, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmäge we türkmen hünärmenleriniň halkara sanly başlangyçlara gatnaşmagyna giň mümkinçilik açýar».

Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylar Türkmenistanyň sanly infrastrukturasyny pugtalandyrmaga, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen uzak möhletli başlangyçlary amala aşyrmak, şeýle hem tejribe alyşmagy dowam etdirmek zerurdygyny bellediler.

ORIENT
