Mаhaçkala deňiz söwda porty Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr ýük gatnawlaryny ýola goýmaga meýilleşdirýär.
Türkmenbaşy bilen Mаhaçkala arasyndaky deňiz gatnawy Russiýanyň ýükleriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna üstaşyr ýagdaýynda ugradylmagyna mümkinçilik döreder.
«Häzirki wagtda Türkmenistandaky kärdeşlerimiz bilen Türkmenbaşy — Mаhaçkala ugry boýunça gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Russiýada öndürilen ýükleriň Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana, Pakistana, Gyrgyzystana we Özbegistana, şeýle hem gaýdyşyn ugurda iberilmegine mümkinçilik döreder» - diýip, Mаhaçkala deňiz söwda portunyň metbugat gullugyna salgylanyp, [«RIA Dagestan»](https://riadagestan.ru/news/tourism_events/Mahaçkala porty Türkmenistanyň iň iri porty arkaly ýük daşamalaryny ýola goýar habar berýär.
Mundan başga-da, çeşmäniň bellemegine görä, Hytaýdan gelip çykýan ýükleriň Gazagystanyň Aktau porty hem-de Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty arkaly Mаhaçkala ugruna ýetirilmeginiň mümkinçilikleri öwrenilýär.
