Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty «Beýigi öwrenýärin» we «Beýigi öwredýärin» atly Rus dili mekdebiniň taslamalarynyň ýurdumyzdaky ilkinji meýdançasy boldy. Russiýanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Naberežnýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti (NÇDMU) hem-de «Meniň taryhym» gaznasy tarapyndan guralan bu başlangyç, Türkmenistanyň we Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň möhüm tapgyryna öwrüldi.
Rus dili mugallymlary we talyplary üçin sapaklary NÇDMU-nyň filologiýa ylymlarynyň kandidatlary Konstantin Kalinin hem-de Aleksandra Potanina geçirdiler. Okuw daşary ýurtly mugallymlara niýetlenen «Rus dilini okatmagyň innowasion strategiýalary we usullary» atly goşmaça maksatnama boýunça alnyp baryldy.
Mekdebiň çäginde sözleriň gelip çykyşyna, diliň medeni ösüşdäki ornuna we tekstleri many taýdan okamak endiklerine bagyşlanan birnäçe umumy we amaly sapaklar geçirildi.
Amaly sapaklar: Mugallymlar A.W. Potaninanyň awtorlyk iş depderini öwrenip, russiýaly kärdeşleri bilen bilelikde ders boýunça hem-de metaders netijelerini emele getirmäge gönükdirilen üç derejeli ýumuşlary taýýarladylar.
Sanly serişdeler: Sapaklaryň tehnologik kartasyny döretmegiň esaslaryna hem-de sanly bilim serişdelerini peýdalanmak arkaly integrirlenen rus dili sapagyny taslamalaşdyrmaga aýratyn üns berildi.
Institutyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar, olaryň işiniň netijesi bolsa rus diliniň ähmiýeti barada rus ýazyjylarynyň sözleri esasynda ýazylan düzme boldy.
2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda diňleýjilere şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Russiýaly hünärmenler ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmegine umyt bildirdiler.
ORIENT
