Samsung

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Ant Group rekord goýdy: LingGuang AI-kömekçisi 4 günde 1 million gezek ýüklenip alyndy

25.11.2025|13:00|
77
ant-group-rekord-goydy-lingguang-ai-komekcisi-4-gunde-1-million-gezek-yuklenip-alyndy
Surat çeşmesi: 3dnews.ru

Hytaýyň Ant Group tehnologik kompaniýasy LingGuang atly AI-kömekçisini çykardy, ol ulanyjylara tekst soraglary arkaly mini-programmalary çalt döretmäge mümkinçilik berýär. Ulanylyşynyň ilkinji dört gününde programma 1 million gezek ýüklenildi, bu bolsa ony global AI bäsleşiginde esasy oýunça öwürdi.

LingGuang-yň üstünlik gazanmagy, programmirlemede düýpli bilimi bolmadyk ulanyjylaryň döredýän “no-code” (wiýb-koding) gurallaryna bolan uly islegini görkezdi. Käwagtlar Ant Group hyzmaty ýokary ýüklenme sebäpli çäklendirmeli hem boldy.

LingGuang Hytaý App Store-daky mugt programmalaryň reýtinginde birinji orny eýeledi. Başga kody döreden gurallardan tapawutlylykda, LingGuang her bir ulanyja «özüniň şahsy AI-öndürijisini» hödürleýär, ol taýýar mini-programmalary döredýär we sazlaýar.

Ant Group-nyň maglumatlaryna görä, ulanyjylar döredilen programmalary işjeň redaktirleýär (her sessiýada ortaça alty ädim). LingGuang-yň tehniki direktory Saý Weý bu ulgamda ilkinji gezek mobil programma hökmünde şeýle aňsatlyk bilen funksiýaly programmalary döretmäge we sazlamaga mümkinçilik berýändigini belledi. Bu ýyl Ant Group öňdebaryjy modelleriň işlenip düzülmegini çaltlandyrmak üçin AI ugruna maýa goýumlaryny iki esse artdyrdy.

ORIENT

Goşmaça okaň:

Robotlar üçin altynjy duýgy: Inženerler enjamlary uzak aralykdan duýmak ukyby bilen üpjün ederler

Google Chrome dik goşmaça goýmalary ornaşdyrar: ýüzlerçe açyk sahypa bilen işlemegiň ýeňilleşdirilmegi

Ant Group rekord goýdy: LingGuang AI-kömekçisi 4 günde 1 million gezek ýüklenip alyndy