Türkmenistanyň Bilim ministrligi, 2026/2027 okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmäge başlandygyny yglan etdi. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, resminamalary kabul etmek 2025-nji ýylyň 1-15-nji dekabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçiriler.
Hytaý uniwersitetlerinde okuw
Bäsleşige diňe doly gutarnykly orta bilimi bolan, iňlis dilini bilýän we 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler. Resminamalaryň adaty toplumyndan başga, dalaşgärleriň halkara synaglary boýunça SAT, TOEFL, IELTS ýa-da HSK şahadatnamalaryny, şeýle-de CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagynyň netijelerini hödürlemegi gerek. Dalaşgärler mundan başga-da, ozal Hytaý Hökümetiniň talyp haklaryny almandygyny tassyklamalydyr.
Wengriýanyň uniwersitetlerine okuwa girmek
Resminamalar, 2025-2026-njy okuw ýylyny tamamlajak we 2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy doljak mekdep uçurymlaryndan kabul edilýär. Okuw üçin SAT, TOEFL ýa-da IELTS synaglarynyň biri boýunça şahadatnama hödürlenmelidir. Hytaý uniwersitetlerinden tapawutlylykda, CSCA synagy talap edilmeýär. Şeýle hem, dogluş şahadatnamasy we ýaşaýan ýerinden kepilnama tabşyrylmaly.
Her iki ýurt üçin dalaşgärleri saýlamak, synaglaryň akademiki bahalarynyň netijelerine görä bäsleşik esasynda amala aşyrylar. Döwlet olimpiadalarynyň ýeňijilerine we halkara olimpiadalaryna gatnaşan Türkmenistanyň toparynyň agzalaryna kabul edilmekde artykmaçlyk berler.
Hünäler, orunlaryň sany we bilim şertleri barada goşmaça maglumatlary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan almak bolar.
Salgy: Aşgabat, 1958-nji ýyl köçesi (Andalyp), 169
Telefonlar: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25
E-mail: admissioniuhd@gmail.com
ORIENT
