
Mary | ORIENT. Baýramçylygyň öňýanyndaky günler – bu jadyly güýje bolan ynamyň anyk we aýdyň görnüşe eýe bolmaly wagtydyr. Özüniň durmuş we inklýuziw taslamalary bilen tanalýan “Däp-Dessur” hojalyk jemgyýeti, Mary welaýatynda “Aýaz baba gapyny kakýar” diýen simwoliki at bilen ýüreklere mähir paýlaýan haýyr-sahawat çäresini gurady.

Öýlere paýlanan baýramçylyk
Bu başlangyjyň esasy aýratynlygy onuň ýakyn we maksada gönükdirilen häsiýetindedir. Guramanyň meýletinçileri täze ýylyň gahrymanlarynyň geýiminde diňe sowgat paýlamak bilen çäklenmän, maşgalalara özleri baryp, çagalar üçin hakyky baýramçylyk atmosferasyny döretdiler.

50-den gowrak maşgala üns we alada bilen gurşalyp alyndy. Çäre üçin süýjilikler we baýramçylyk sowgatlary guramanyň köp ýyllyk hyzmatdaşy — “Hasar” konditer kärhanasy tarapyndan üpjün edildi. Köp çagalar üçin bu sapar gyş paslynyň iň möhüm wakasyna öwrüldi we diňe bir sowgatlar däl, eýsem ýatlanylýan we alada edilýän ýaly duýgy döretdi.

“Däp-Dessur”: Döredijiligiň däpleri
Bu çäre — “Däp-Dessur”HJ-niň uly göwrümli durmuş ugurly maksatnamanyň diňe bir bölegidir. Birnäçe ýyl bäri gurama Türkmenistanda inklýuziw jemgyýeti ösdürmek üçin yzygiderli iş alyp barýar. Olaryň soňky üstünlikleri: giň möçberli inklýuziw konsertleri geçirmek; gartaşan adamlar üçin gezelenç maksatnamalary; we medeni dialoga we mümkinçiligi çäkli adamlara goldaw bermäge gönükdirilen festiwallara gatnaşmak.

Gurmaçylaryň belleýşi ýaly, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky şeýle duşuşyklar çagalaryň ýagşylyga bolan ynamyny saklamaga kömek edýär, jemgyýete bolsa – çylşyrymly ýagdaýlary bilen ýüzbe-ýüz bolýanlar üçin raýdaşlygyň we goldawyň möhümdigini ýatladýar.
