
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA – Japan International Cooperation Agency) infrastrukturany berkitmäge, statistiki usullary kämilleşdirmäge, ulag mümkinçiligi öwrenmäge we seýsmiki howpsuzlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlar we maksatnamalar arkaly Türkmenistanyň ösüşine işjeň goldaw bermegini dowam etdirýär. 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky barha artýan hyzmatdaşlygy görkezýän birnäçe möhüm çäreler geçirildi.
Türkmenistanyň statistika boýunça döwlet komitetiniň wekilleri üçin okuw-maslahaty
2024-nji ýylyň 5-15-nji fewraly aralygynda Tokioda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri üçin 10 günlük okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahatynyň bu tapgyry JICA tarapyndan gurnalan bilimleri bilelikde döretmek maksatnamasy boýunça geçirildi. Maksatnamanyň çäginde türkmen hünärmenleri Türkmenistanda makroykdysady baha berişleriň hilini ýokarlandyrmaga kömek etmeli milli statistika ulgamlaryny gowulandyrmak boýunça ýapon çemeleşmelerini öwrendiler.
Şeýle okuw-maslahaty JICA-nyň tehniki hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup, Türkmenistandan gelen hyzmatdaşlara statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga we netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek etjek Ýaponiýanyň statistika pudagyndaky tejribesini gönüden-göni öwrenmäge mümkinçilik berýär.
JICA wekiliýetiniň Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna sapary
2024-nji ýylyň 7-nji martynda JICA-nyň wekilleri geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna baryp gördüler. Saparyň dowamynda ýapon hünärmenleri sebit logistikasynda we Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösmeginde möhüm orun eýeleýän portuň infrastrukturasy bilen jikme-jik tanyşdylar. Üstaşyr ýükleri gaýtadan işlemek üçin çykdajylary we wagty azaltmaga mümkinçilik berýän “gümrük ammary” usulyny ulanmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp görmek, JICA-nyň Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny görkezýär, bu bolsa sebit ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşant goşýar.
Türkmenistanyň ulag mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak
JICA-nyň wekilleriniň 2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistana bolan saparynyň dowanynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň (Türkmenistanyň demir ýollary) wekilleri bilen hem duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistandan geçýän ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirip we Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa ugurlarynyň çatrygyndaky üstaşyr geçiriji merkezi hökmünde ähmiýetini artdyryp biljek Aşgabat Ylalaşygyna we “Lapis Lazuli” geçelgesine aýratyn üns berildi.
Bu sapar Türkmenistanyň halkara ulag taslamalarynda strategiki ähmiýetini we JICA-nyň ýurduň ulag mümkinçiligi ösdürmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermäge taýýardygyny görkezýär.
Seýsmiki howpsuzlyk boýunça okuw-maslahatyna gatnaşmak
2024-nji ýylyň 16-njy aprelinden 19-njy apreline çenli Almaty şäherinde JICA tarapyndan gurnalyp Gazagystanyň Halkara ösüş agentligi KazAID bilen bilelikde seýsmiki howpsuzlyga bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistandan we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinden we Kawkaz ýurtlaryndan hünärmenler gatnaşdy. Ýaponiýaly hünärmenler ýer titremesine çydamly tehnologiýalary we ýer titremesi töwekgelçiligi ýokary ýurtlar üçin peýdaly bolup biljek çäreleri ösdürmek boýunça tejribe alyşdylar.
ORIENT news