
Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda çykyş edip, 3-nji orny eýeledi.
Ýaryş 19–24-nji maý aralygynda Özbegistanyň Karşi şäherinde geçirilip, Ismat Şükürowyň hatyrasyna bagyşlandy.

Oýunlar klassik wagt gözegçiligi bilen 9 tapgyrdan ybarat şweýsar ulgamy boýunça geçirildi.
Ýaryşa jemi 10 ýurtdan 56 küştçi gatnaşdy.
9 mümkin bolan utukdan 7 utuk toplan Witaliý Bernadskiý (Ukraina, FIDE reýtingi 2507) goşmaça görkezijiler boýunça birinji orny eýeledi. Saýdakbar Saýdaliýew (Özbegistan, FIDE reýtingi 2454) ikinji, Saparmyrat Atabaýew (Türkmenistan, FIDE reýtingi 2471) bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Soňky tapgyrda Saparmyrat gara mallar bilen şol wagtky lider bolan ysraýylly grossmeýster Ýewgeniý Alekseýewi ýeňdi.

Saparmyradyň doganoglany Ýusup Atabaýew hem Karshi Open-2026 ýaryşyna gatnaşyp, 6 utuk bilen sekizinji orny eýeledi.

Saparmyrat Atabaýew 27 ýaşynda. Ol häzirki döwrüň Türkmenistanyň iň güýçli küştçüleriniň biridir. Aşgabat şäherinde doglan küştçi ýaşlygyndan bäri ýurdumyzyň iň uly geljegi bolan oýunçylarynyň biri hasaplanylýar. Onuň iri üstünlikleriniň arasynda 2024-nji ýylda Türkiýede geçirilen «Ak pil» ýaryşyndaky ýeňiş, Daşkentde geçirilen UzChess Cup Futures halkara ýaryşyndaky ýeňiş, Aziýanyň halkara ýaryşlarynda grossmeýster kadalaryny ýerine ýetirmegi hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde yzygiderli çykyş etmegi bar.
Saparmyradyň ilkinji tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew bolup, ol köp ýyllardan bäri onuň halypasy bolmagynda galýar.
Karshi Open-2026 ýaryşynyň netijelerini ýöriteleşdirilen serwerde görmek mümkin https://s3.chess-results.com/tnr1392674.aspx?lan=1&art=1&rd=9&fed=TKM&flag=30&SNode=S0.

ORIENT