Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri 7-nji martda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna sapar gurady. Duşuşykda Ýaponiýanyň wekiliýetine JICA-nyň Gündogar, Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça bölüminiň müdiri Kendzi Ogasahara ýolbaşçylyk etdi.
Taraplar Türkmenbaşy deňiz portunda gümrük amallary bilen baglanyşykly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Ýapon hünärmenleri Hazar halkara ulag geçelgesiniň (TMTM) ösüşini goldamak üçin gümrük pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada teklip berdiler.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň ýene bir temasy, hyzmatdaş ýurtlara Ýaponiýanyň tejribesine esaslanýan amaly bilimleri almaga mümkinçilik berýän JICA okuw maksatnamalaryna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň gatnaşmagy boldy. Hususan-da, duşuşykda JICA bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň hyzmatdaşlygynda geçiriljek “Master Trainer Programme” maksatnamasynyň okuwlaryna gatnaşmak barada aýdyldy.
Türkmenistanda bolan döwründe Ýanaponiýa Halkara Hyzmatdaşlyk agentliginiň wekilleri Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp gördüler we ýurduň demir ýol agentliginde gepleşikler geçirdiler.
ORIENT news
