Aşgabatda ýurdumyzyň öňdebaryjy lukmançylyk we weterinariýa barlaghanalarynyň, şol sanda Milli dümew merkeziniň hünärmenleri üçin geçirilen giň gerimli bäş günlük okuw tamamlandy. BSGG-niň goldawy bilen guralan çäräniň esasy maksady ilaty mümkin bolan pandemiýalardan we biologik howplardan goramak boldy.
Seminaryň dowamynda halkara bilermenler türkmen hünärmenlerine howply biologik materiallary dünýäniň berk standartlaryna laýyklykda howpsuz daşamagyň düzgünlerini öwretdiler. Indi Türkmenistanda bu ugurdaky işlere gözegçilik edip biljek hem-de materiallaryň halkara derejede iberilmegini utgaşdyryp biljek sertifikatlaşdyrylan tälimçileriň milli ätiýaçlygy dörediler.
Gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda hereketler meýilnamalaryny taýýarlamaga aýratyn üns berdiler. Lukmanlar we weterinarlar krizis ýagdaýlarynda gyssagly çäre görmek, jogapkärçilikleri paýlamak hem-de howply keselleriň ýaýramagy döwründe barlaghanalaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurdaky amaly tejribelerini täjik hünärmenleri hem paýlaşdylar.
Okuwy BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasy we ýurt boýunça ofisleriniň öňdebaryjy bilermenleri alyp bardylar. Maksatnama tamamlanandan soň türkmen hünärmenleri jemleýji synagdan üstünlikli geçip, howply lukmançylyk ýüklerini ibermäge ygtyýarly resmi iberijiler hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän halkara şahadatnamalary aldylar.
Bu başlangyç Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň dürli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini ep-esli ýokarlandyrar. Barlaghanalaryň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy howplary has çalt ýüze çykarmaga mümkinçilik berer we raýatlaryň saglygyny dünýäniň iň oňat tejribelerine laýyklykda goramaga hyzmat eder.
ORIENT
