Meşhur britan binagärlik edarasy Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň direktory Manuela Gatto we kompaniýanyň uly hünärmeni Sattor Jabbor Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşyk institutyna baryp gördüler. Dünýä derejesindäki hünärmenler geljekki türkmen binagärleri we inženerleri üçin ýörite umumy sapak geçirdiler.

Giň gerimli çärä 200-den gowrak talyp gatnaşdy. Britaniýaly myhmanlar halkara tejribelerini paýlaşyp, döwrebap binagärlik desgalarynyň döredilişi hem-de taslamalaşdyrmak işinde sanly tehnologiýalaryň orny barada gürrüň berdiler. Talyp ýaşlar häzirki wagtda dünýäniň iri şäherleriniň keşbini üýtgedýän iň täze gurluşyk materiallary we inženerçilik çözgütleri bilen tanyşdylar.

Saparyň çäklerinde daşary ýurtly bilermenler türkmen ýaşlarynyň döredijilik mümkinçilikleri bilen hem tanyşdylar. Institutda professorlaryň we talyplaryň ylmy-barlag işleriniň, şeýle hem maket taslamalarynyň eskizleriniň sergisi guraldy. Myhmanlar ýerli taslamalaryň özboluşlylygyny we tehniki taýdan ýokary derejede taýýarlanyşyny aýratyn bellediler.
Duşuşyk işjeň pikir alyşma bilen dowam edip, talyplar dünýä binagärlik pudagynyň öňdebaryjy wekillerine özlerini gyzyklandyrýan sowallary gönüden-göni bermäge mümkinçilik aldylar. Taraplar iri taslamalary bilelikde işläp taýýarlamak we Beýik Britaniýanyň innowasion tehnologiýalaryny Türkmenistanyň gurluşyk pudagyna ornaşdyrmak ýaly uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle akademiki alyş-çalyş görnüşi ýaş türkmen hünärmenleri üçin uly itergi berýär. Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň tejribeli hünärmenleri bilen göni gepleşikler talyplaryň öňünde täze hünär mümkinçiliklerini açýar hem-de Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ylmy-bilim gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar.
ORIENT
