Talyplaryň arasynda “Programma üpjünçilik ussatlygy” atly Hakaton bäsleşigi yglan edildi
28.02.2025 | 18:15Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2025-nji ýylyň 9-10-nji aprelinde Türkmenistanyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplarynyň arasynda onlaýn görnüşinde “Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşigini geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.
“Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşige degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler TDBGI.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.
“Programma üpjünçilik ussatlygy” Hakaton bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryň sanawyny nusga laýyklykda jogapkär mugallymlar Gatnaşyjynyň hasaba alnyş maglumatyny (1-nji goşundy) anyk we dogry doldurmaly hem-de 2025-nji ýylyň 26-nji martyna çenli institutyň tdbgi.progussat@gmail.com elektron salgysyna ugratmalydyrlar.
Bäsleşigiň düzgünnamasy şu salgyda.
Habarlaşmak üçin:
sedahojayev06@gmail.com
Tel:
+99365 10 10 18,
+993 62 66 55 47
ORIENT