Iň täze habarlar

Innowasiýa taslamalary boýunça ýaşlaryň arasynda geçiriljek bäsleşige hasaba almaklyk dowam edýär

26.02.2025 | 18:30
Innowasiýa taslamalary boýunça ýaşlaryň arasynda geçiriljek bäsleşige hasaba almaklyk dowam edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamagynda 2025-nji ýylyň 18-19-njy apreli aralygynda ýaşlaryň arasynda innowasiýa taslamalary boýunça geçirilýän “ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almaklyk dowam edýär.

Bäsleşik şu aşakdaky ýedi ugur boýunça geçirilýär:

Emeli aň;

Robototehnika we awtomatizasiýa;

Akylly oba hojalyk tehnologiýalary;

Akylly şäher;

Bilim we elektron okuwy;

Sanly lukmançylyk;

Hyzmatlar ulgamy boýunça.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw binasynda geçiriljek bäsleşige gatnaşyjylar özüniň hödürleýän taslama işiniň manysyny, işiň wajyplygyny, ähmiýetini, netijäni beýan edýän 5-10 sahypadan ybarat bolan nutuk taýýarlamaly, taýýarlanan nutugy pdf görnüşe getirip, aprel aýynyň 15-ne çenli elektron poçtanyň kömegi bilen görkezilen elektron salga (ictstartaptdei@gmail.com) ugratmalydyrlar. Gatnaşyjy bäsleşigiň deslapky tapgyryň çykyşynda diňe bir nutuk bilen çäklenmän eýsem, prezentasiýaly ýa-da wideo görnüşli tanyşdyryşlar bilen hem çykyş etmelidir.

Gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenen taslamalar aşakda görkezilen görnüşleriniň haýsyda bolsa birine degişli bolmalydyr: kiçi telekeçiligi döretmek bilen bagly taslamalar; satyn almaga degişli bolan taslamalar; uly göwrümli taslamalar; döredijilik taslamalary; sosial taslamalar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlar bäşleşige toparlaýyn görnüşde ýa-da aýry-aýrylykda-da gatnaşyp bilerler.

Ýeňijiler Bilim ministrliginiň Diplomlary, Minnetdarlyk hatlary, Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin hasaba durmaklyk şu salgyda:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLScj-ka0Uu5yUSo4ORbj2qMJMOmBRjjLAqsQ9o2Y2pJMr8Tmtg/viewform?usp=header

Habarlaşmak üçin Tel:

+993 522 5-75-02;
+993 62 65 88 55.