USAID-iň YDA taslamasy frilans boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edýändigini yglan edýär
30.10.2024 | 05:15USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilans boýunça trening maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan edýär.
Bu maksatnamanyň maksady— gatnaşyjylara frilanser hökmünde üstünlikli uzakdan işlemekde we Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky müşderiler üçin taslamalary ýerine ýetirmekde zerur bolan nazarýet we amaly bilimleri hem-de başarnyklary bermekdir.
Treningiň meýilnamasy şu aşakdaky temalary öz içine alýar: öňdebaryjy frilans- meýdançalarynda işlemek, laýyk gelýän taslamalary gözlemek, müşderiler bilen netijeli aragatnaşygy saklamak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Airtable we Asana ýaly gurallary ulanmak, hyzmatlaryň bahasyny kesgitlemek, töleg usullaryny ulanmak, şahsy brending we beýleki frilansa degişli ugurlar. Trening halkara we ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda gibrid formatda geçiriler.
Bu trening maksatnamasy programmirleme, grafiki dizaýn, programma üpjünçuligini döretmek, terjime etmek, maliýe, buhgalteriýa we uzakdan işlemäge laýyk gelýän beýleki ugurlar boýunça başarnyklary bar bolan 18–28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary üçin niýetlenendir.
Maksatnama gatnaşmak tölegsiz.
Gatnaşmak üçin onlaýn ýüz tutma hasaba alyş formasyny 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-ne, sagat 12:00-a çenli doldurmak zerurdyr: https://forms.office.com/r/RBZ6QD40x7?origin=lprLink
Maksatnama boýunça degişli soraglary SAnnarejepov@q2impact.com elektron poçtanyň salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.