Roza Baglanowa adyndaky halkara wokal bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul edýär
12.08.2024 | 09:582024-nji ýylyň sentýabr aýynda Astanada meşhur gazak aýdymçysy Roza Baglanowanyň adyny göterýän halkara wokal bäsleşigi geçiriler. Bäsleşik, ussat aýdymçynyň işini wagyz etmek we milli we dünýä medeniýetiniň iň gowy däplerini janlandyrmak maksady bilen geçirilýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Muňa 18 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky estrada aýdymçylary, respublika, halkara derejesinde we telewideniýede bäsleşiklere gatnaşanlar, şeýle hem medeniýet we sungat ugrunda bilim alýan talyplar gatnaşyp bilerler.
Gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
Bäsleşigiň şertine görä her bir gatnaşyjy hökmany Roza Baglanowanyň repertuaryndan bir aýdymy ýerine ýetirmelidir.
Bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň goldawy bilen geçirilýär we zehinli ýaş aýdymçylary ýüze çykarmak we goldamak üçin möhüm meýdança bolar.
ORIENT news