Iň täze habarlar

HORECA Uzbekistan: Türkmen kompaniýalary myhmanhanalaryň halkara sergisine çagyryldy

23.07.2024 | 16:05
HORECA Uzbekistan: Türkmen kompaniýalary myhmanhanalaryň halkara sergisine çagyryldy

Özbegistanyň myhmanhanalar assosiasiýasy türkmen guramalaryny 2024-nji ýylyň 8-10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek HORECA Uzbekistan birinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk komitetiniň goldawy bilen gurnalan bu çäre myhmansöýerlik pudagynda gazanylan üstünlikleri görkezmek we işewür gatnaşyklar gurmak üçin ajaýyp platforma bolar. Bu sergi Özbegistandan we beýleki ýurtlardan myhmanhana we restoran biznesiniň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň web saýtynda habar berilýär.

Serginiň maksatnamasy şular girýär:

• Myhmansöýerlik pudagy üçin harytlaryň we hyzmatlaryň sergisi;
• Iş maksatnamasy bilen konferensiýalar we ussatlyk sapaklary;
• Professional bäsleşikler;
• Dünýä halklarynyň aşhanasynyň festiwaly.

Sergi içerki dizaýndan we hünär enjamlaryndan başlap, awtomatlaşdyryş we howpsuzlyk ulgamlaryna çenli köp sanly ugurlary öz içine alar.

Çäräniň çäginde 8-nji oktýabrda myhmansöýerlik pudagynda ýaşyl tehnologiýalara we sanlaşdyrmaga bagyşlanan konferensiýa geçiriler. Çakylyk ähli gyzyklanýan guramalara iberilýär.

Goşmaça maglumat üçin:

Web-saýt: www.hoteliers.uz/page24475912.html
Telefonlar: +998 97 141-48-46; +998 97 144-48-47
E-mail: horecaexpo.uz@gmail.com

ORIENT news