Iň täze habarlar

Aşgabatda rus we daşary ýurt estrada aýdymlaryndan düzülen «Ähli döwürler üçin aýdymlar» atly konsert guralar

17.07.2024 | 11:12
Aşgabatda rus we daşary ýurt estrada aýdymlaryndan düzülen «Ähli döwürler üçin aýdymlar» atly konsert guralar

4-nji awgustda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Ähli döwürler üçin aýdymlar» atly konsert guralar.

Konsertde Marta Giris, Aleks Kuw, Aýlar Baýramowa, Grigoriý Ambarçumow we Anna Hommadowa çykyş eder.

Konsertiň maksatnamasynda Lui Armstrongyň, Frenk Sinatryň, Uitni Hýustonyň, Aleksandr Serowyň, Lýubow Uspenkoýyň, Ýuriý Şatunowyň we beýleki aýdymçylaryň repertuaryndan aýdymlar bar.

Konsert sagat 19:00-da başlaýar.

Bilet satyn almak bilen baglanyşykly soraglar üçin aşakdaky belgilere ýüz tutup bilersiňiz:
(+993 63) 00-53-20
(+993 65) 01-08-41
(+993 65) 01-79-66

ORIENT news