Iň täze habarlar

14-nji iýulda Aşgabatda «Italiýan simfoniýasy» konserti geçiriler

28.06.2024 | 16:26
14-nji iýulda Aşgabatda «Italiýan simfoniýasy» konserti geçiriler

14-nji iýulda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Italiýan simfoniýasy» konserti geçiriler.

Konsertde J.Rossini, F.Mendelson we P.Çaýkowskiý ýaly kompozitorlaryň saz eserleri ýaňlanar.

Çeper ýolbaşçy we baş dirižýor – Resul Gylyjow.

Konsert sagat 19:00-da başlar.

Petek satyn almak üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň ediň: (+993 12) 22-38-98
51-41-57
(+993 63) 46-71-77
(+993 64) 03-74-56

ORIENT news