Iň täze habarlar

Jakomo Puççininiň aradan çykmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert

31.07.2024 | 11:28
Jakomo Puççininiň aradan çykmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italýan opera kompozitory, organist we hormeýster Jakomo Puççininiň aradan çykmagynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler.

Konsert maksatnamasynda italiýaly tenor Matteo Lippi, türkmen aýdymçysy Bahar Durdyýewa we Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri çykyş eder.

Çäräni Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guraýar.

Konsert sagat 19:00-da başlar. Giriş mugt.

ORIENT news