Iň täze habarlar

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli we bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärleri aşakda görkezilen iş ýerine çagyrýar

26.03.2024 | 12:58
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli we bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärleri aşakda görkezilen iş ýerine çagyrýar

Iş ýeri: Aşgabat ş.

Wezipesi: Hünärmen (Işewürlik maglumatlaryň Analitigi), wagtlaýyn esasda

Bildirilyän talaplar: Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

Bilimi: Inženerlik hünäri, maglumat tehnologiýalary, hasaplaýjy tehnika, ykdysadyýet ýa-da maliýe boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: Microsoft Power BI maglumat panellerini işläp düzmek, maglumatlary we maglumatlar binýadyny dolandyrmak, şeýle hem programma üpjünçiligini işläp düzmek boýunça işewürlik analitigi hökmünde 5 ýyl degişli iş tejribesi bolmaly.

Dil ukyplary: Iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: Microsoft Power Point, Microsoft Power BI, Agile Project Management programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Salgynamalary salgysy boýunça ýa-da “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki edara jaýynda şu salgy boýunça alyp bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň adyny, familiýasyny we sowalnama tabşyrylýan wezipäňi görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe şu wezipä bildirilýän talaplara laýyk gelýän ökde hünärli dalaşgärler şöhbetdeşlige çagyrylar.

ORIENT news