«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy materiallar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär
17.02.2024 | 08:38«Eni Turkmenistan Limited» kompaniýasy Petreko-1 desgasyny dikeltmek üçin materiallar bilen üpjün etmek boýunça №10115512 belgili bäsleşige gatnaşmak baradaky arzalaryň deslapky kabul edişligini yglan edýär.
Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölümine ibermelidir.
Kabul edişligiň tamamlanýan möhleti – 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 27-i, sagat 17:00 (türkmen wagty bilen).
Tehniki häsiýetnamalar we anyk talaplar bäsleşik tapgyrynda berler.
Elektron salgylar:
Aleksey.Butenko@eni.com
Viktoriya.Nurberdiyeva@eni.com
ORIENT news