Ýaşlar üçin halkara düzme bäsleşigi
05.06.2023 | 17:25Her ýyl geçirilýän bu düzme bäsleşigi, bütin dünýä ýaşlarynyň parahatçylyk we durnukly ösüş medeniýetini ösdürmekde energiýasyny, döredijiligini we başlangyçlaryny ulanmak maksady bilen gurnalýar. Şeýle hem, bu bäsleşigiň ýene bir maksady jemgyýete ýaş zehinlerden öwrenmäge we her birimiziň dünýä nähili üýtgeşiklik girizip biljekdigimiz hakda oýlanmaga ylham bermekdir.
Gatnaşyjylaryň ýaşy 25-den ýokary bolmaly däl.
Düzmedäki söz sany iňlis ýa-da fransuz dillerinde 700 sözden, ýapon dilinde 1600 iýeroglifden köp bolmaly däl.
Düzmeler 2023-nji ýylyň 15-nji iýunyna sagat 23:59 çenli ugradylmaly.
Has giňişleýin maglumat bilen websaýtda tanşyp bilersiňiz.