

Sian bilen Aşgabadyň arasynda ýolagçy gatnawlary başlandy
Şenbe güni, 13-nji maýda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň paýtagty Sian bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatyň arasynda resmi taýdan ilkinji ýolagçy ugry açyldy.


Şenbe güni, 13-nji maýda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň paýtagty Sian bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatyň arasynda resmi taýdan ilkinji ýolagçy ugry açyldy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Maksat Babaýewi Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşyrguly Begliýewi başga işe geçmegi sebäpli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.


Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Şenbe güni hytaýly diplomat Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew bilen duşuşdy.


Türkmen bilýardçylary 15-nji maýdan 20-nji maý aralygynda Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek Moskwanyň häkiminiň kubogyna gatnaşar. Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ORIENT-iň habarçysyna berlen habara görä, türkmen wekiliýetiniň düzümini 13 sportçy bilen birlikde 17 adamdan ybarat.


Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministrliginde 2023-nji ýylyň awgust aýynda Belarussiýada geçiriljek GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Belarus tarapynyň başlangyjy bilen bu ýerde Belarus Respublikasynyň Sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçugyň Türkmenistanyň Minskdäki ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen duşuşygy geçirildi.


Azerbaýjanyň aýdym aýdýan ýüregi diýlip hem atlandyrylýan Şuşa şäheri, türk dünýäsiniň medeni paýtagty - 2023 statusyny aldy. Çäräniň açylyş dabarasy anna güni geçirildi. Guramaçysy hökmünde Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi we Halkara Türk Medeniýet Guramasy (TÜRKSOÝ) çykyş etdi diýip, AZERTAC agentligi habar berýär.


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Garýagdy Saryýew Özbegistanyň Syrdarýa welaýatynyň Gülistan şäherinde geçen bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalynyň ýeňijisi boldy- diýip, şu gün «Türkmenistan» gazeti ýazýar.


Özboluşly özüne çekiji ýer – ýakynda Dubaýdaky «Ýewropanyň ýüregi» arhipelagynda ýerleşýän Cote d’Azur Monaco myhmanhanasynda hemişe ýagyş ýagýan köçe açylar. Ygalyň «muşdaklary» her gün ýagyşda ýöräp, iň gowy görýän howa hadysasyndan lezzet alyp bilerler diýip, «Khaleej Times» ýazýar.


20-nji maýda Aşgabat şäherindäki Fransuz institutynda Kan halkara film festiwalyna gabatlanyp, filmleriň görkezilişi geçiriler. Tomaşaçylar geçen ýyl Kan kino festiwalynda görkezilen dört filme tomaşa edip bilerler.


Anna güni, 12-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $5,1 mln amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmen wekiliýeti Aziýanyň körler birleşmesiniň Daşkentde geçen nobatdaky mejlisine wekilçilik etdi. Bu barada Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.


Moskwada Türkmenistanyň RF-daky ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy boldy, onuň barşynda türkmen tarapyna RF-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Iwan Wolynkin bilen tanyşdyryldy.


Özbegistanyň prezidentiniň 9-njy iýula bellenen prezident saýlawlarynda möhletinden öň ses bermek 28-nji iýundan 5-nji iýula çenli geçer – diýip, Özbegistanyň MST-nyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.


Türkmenistandan «Laçyn» folklor kollektiwi Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen «Harybülbül» halkara festiwalynda çykyş eden iň gowy topar boldy. Bu barada şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.