HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Koreýa Respublikasy hakynda meşhur bäsleşigiň milli tapgyry geçiriler

Iýun 09, 2023 | 18:26 |5463
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Koreýa Respublikasy hakyndaky wiktorina» («Quiz on Korea») milli seçip almalary geçirýär. Bu barada diplomatik wekilhananyň saýtynda habar berilýär.Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Koreýa Respublikasy hakyndaky wiktorina» («Quiz on Korea») milli seçip almalary geçirýär. Bu barada diplomatik wekilhananyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: unsplash.com

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy «Koreýa Respublikasy hakyndaky wiktorina» («Quiz on Korea») milli seçip almalary geçirýär. Bu barada diplomatik wekilhananyň saýtynda habar berilýär.

Çäre 15-nji iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bolar.

Ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň koreý dili fakultetiniň talyplaryndan ybarat gatnaşyjylar degişli soraglara jogap bermek bilen, özleriniň Koreýa hakyndaky bilimlerini görkezerler. Gatnaşyjylardan diňe biri intellektual wiktorinanyň şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýada boljak final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

«Koreýa Respublikasy hakyndaky wiktorina» — Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň halkara jemgyýetçilik diplomatiýasynyň her ýylky maksatnamasynyň we KBS teleýaýlymynyň çäklerinde gurnalýan günorta koreý telewizion şüweleňidir.

Ol gatnaşyjylaryň Koreýa hakyndaky umumy bilimlerini barlaýar. Bu wiktorina koreý ýa-da iňlis dilinde gürleýän daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilýärler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026