HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: bahasy ABŞ-nyň $100 mln dollaryndan gowrak 30 geleşik baglaşyldy

Iýun 10, 2023 | 11:58 |6899
Anna güni, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $105,7 mln amerikan dollaryna we 14,1 mln türkmen manadyna deň bolan 30 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $105,7 mln amerikan dollaryna we 14,1 mln türkmen manadyna deň bolan 30 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Anna güni, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $105,7 mln amerikan dollaryna we 14,1 mln türkmen manadyna deň bolan 30 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den we Owganystandan gelen telekeçiler tebigy gazdan öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzininiň jemi 95 müň tonnasyny satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna $645 amerikan dollary baha berildi, geleşikleriň jemi bahasy bolsa $61,2 mln amerikan dollaryna deň boldy.

Maltadan we BAE-den gelen kompaniýalar az kükürtli ýakylýan mazudyň 100 müň tonnasyny her tonnasyna $394,75 amerikan dollaryny berip satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy $39,4 mln amerikan dollaryna deň boldy. Gonkongdan we Ermenistandan gelen işewürler tüýjümek önümleriň dürli görnüşleriniň 62,5 müň kg $281,2 müň amerikan dollaryna satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügiň dürli görnüşleriniň 2,2 mln kg $4,7 mln amerikan dollaryna satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler SN-350 kysymly esasy ýagyň 103 tonnasyny 1,4 mln ТМТ we TPP D 30 S kysymly polipropileniň 496,6 tonnasyny 12,6 mln TMT satyn aldylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026