

Türkmenistan täze Boeing uçarlary satyn alar
Türkmenistan, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça raýat awiasiýa parkyny giňeltmek üçin «Boeing» Amerikan korporasiýasynyň ýolagçy uçarlaryny satyn alar.


Türkmenistan, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça raýat awiasiýa parkyny giňeltmek üçin «Boeing» Amerikan korporasiýasynyň ýolagçy uçarlaryny satyn alar.


Kuba hökümeti Türkmenistanyň has ýakyn ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliklerine garaýar. Bu mowzuk Kubanyň premýer-ministri Manuel Marrero Krus bilen şu ýurduň Saglygy goraýyş ministri Hose Anhel Portal Miranda bilen Türkmenistan hökümetiniň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşygynyň esasy meselesi boldy.


Klassiki şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen-koreý halkara ylmy we döredijilik «Magtymguly Pyragy we dünýä gymmatlyklary» konferensiýasy anna güni Koreýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan gurnaldy.


Lego, startostatlarda «älemiň gyrasyna» müň mini şekiljikleri syýahata ugratmak üçin çeh-slowak älem bilermenleri bilen tagallalaryny birleşdirdi.


Bilim pudagyndaky maglumat tehnologiýalary pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek anna güni Türkmenistanyň ÝUNESKO- daky ilçisi we hemişelik wekili Maksat Çaryýew bilen ÝUNESKO-nyň bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Žanyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Gyrgyzystanyň ýene üç medeni mirasy – Ak-kalpak, kok-boru oýny we Bütindünýä çarwa oýunlary ÝUNESKO-nyň sanawyny doldurdy. Şahadatnama gowşuryş dabarasy anna güni Bişkekdäki taryhy muzeýde geçirildi. Dabaralara gatnaşmak üçin guramanyň baş müdiri Odre Azule Gyrgyzystanyň paýtagtyna geldi diýip, Kabar habar berýär.


Kawkaz, Merkezi Aziýa we Mongoliýa ýurtlary üçin Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebit merkezi 9-njy iýunda Almaty şäherinde açyldy. Gazagystan edarasy dünýädäki şular ýaly merkezleriň 17-sinden biri bolup, HPG-nyň işini birbada dokuz döwletde: Ermenistanda, Azerbaýjanda, Gruziýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Mongoliýada, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda utgaşdyrar diýip, Tengrinews.kz habarlar berýär.


Russiýanyň “Rosatom” döwlet kompaniýasy degişli şertnama baglaşylandan soň, örän gysga wagtda Özbegistanda energiýa öndürijiligi 1,2 müň megabite deň bolan iki energiýa bloguny gurmaga taýýar. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň Ikinji ýaşlar forumynyň çäginde aýdyldy diýip “TASS” habarlar agentligi habar berýär.


Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda ilkinji sürüjisiz elektrik parom ýüzüşe çykdy. Şeýlelik bilen, bu şäher şuňa meňzeş tehnologiýany ulanyp başlan dünýädäki ilkinji şäher boldy.


ÝUNESKO Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Özbegistandaky we Gazagystandaky buzluklaryň we buzasty kölleriň kartasyny döreder. Bu barada ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azule Gazagystanyň paýtagtynda geçen «Astana» halkara forumynda beýan etdi – diýip, TASS habar berýär.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri, fitosanitar lukmanlary keselleri anyklamak, şol sanda inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça okuw-tejribelik sapaklaryny geçdiler.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Germaniýanyň «Merkezi Aziýada söwda ýardam etmek» taslamasynyň ýolbaşçysy Fesilitas Zik bilen duşuşdylar, onuň barşynda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Russiýanyň güni mynasybetli 11-nji iýunda Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda baýramçylyk konserti guralar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary, “Rossotrudniçestwo-nyň” ýurt boýunça wekili Ýuliýa Zaýsewa “ORIENT-e” habar berdi.


Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşini täzeçil düzmegiň möhümdigini mälim etdi. Onuň mälim etmegine görä, Geňeşiň düzüminde özgertmeleriň geçirilmezligi global meseleleri çözmekde kynçylyklary döredýär. Bu barada Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň “Astana” halkara forumynda eden çykyşyna salgylanyp, Prezidentiň metbugat gullugy mälim edýär.


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Koreýa Respublikasynyň ilçisi Ji Kýu-Tek bilen gepleşikleri geçirdi, onuň barşynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy Forumyny we Bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda 2023-nji ýylda geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.