Habarlar

Dragon Oil ýakyn 15 ýylda Türkmenistana 8 mlrd amerikan dollaryndan az bolmadyk maýa goýmagy meýilleşdirýärDragon Oil ýakyn 15 ýylda Türkmenistana 8 mlrd amerikan dollaryndan az bolmadyk maýa goýmagy meýilleşdirýär

Dragon Oil ýakyn 15 ýylda Türkmenistana 8 mlrd amerikan dollaryndan az bolmadyk maýa goýmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň täze reformalary, milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurt bilen maýa goýum gatnaşygyny ep-esli giňeltmäge ýardam edýär, sebäbi ilkinji nobatda maýa goýumçylar goýumlardan geljek girdejini gözden geçirýärler, şeýle hem intellektual aktiwleriň transferi barada pikir edýärler. Bu barada Dubaýyň Ýerine ýetirji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum Türkmenistanyň nebit-gaz maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.

Galkynyş gaz ýatagynyň işlenmeginiň üçünji tapgyry TAPI gaz geçirijisi boýunça gazyň iberilmegini üpjün ederGalkynyş gaz ýatagynyň işlenmeginiň üçünji tapgyry TAPI gaz geçirijisi boýunça gazyň iberilmegini üpjün eder

Galkynyş gaz ýatagynyň işlenmeginiň üçünji tapgyry TAPI gaz geçirijisi boýunça gazyň iberilmegini üpjün eder

Galkynyş gaz ýatagyny işlemegiň üçünji tapgyry Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça her ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gazyň iberilmegini üpjün eder – diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen beýan etdi.

Türkmenistan bilen CNPC-niň hyzmatdaşlygynyň esasynda ekologik taýdan arassa önümçilik we «ýaşyl» tehnologiýalarTürkmenistan bilen CNPC-niň hyzmatdaşlygynyň esasynda ekologik taýdan arassa önümçilik we «ýaşyl» tehnologiýalar

Türkmenistan bilen CNPC-niň hyzmatdaşlygynyň esasynda ekologik taýdan arassa önümçilik we «ýaşyl» tehnologiýalar

Häzir dünýä energetika pudagy çuňňur üýtgetmeleri başdan geçirýär. Energetikanyň gurluşynyň «ýaşyla» we pes uglerodla özgerdilmegi ýurtlar we dünýä nebit-gaz kompaniýalary üçin bütindünýä konsensusy, peýdaly missiýa we umumy wezipe boldy. Şunuň ýaly sözler bilen Dubaýda geçýän maýa goýum forumynyň wekiliýetlerine Wan Guýhaý – PetroChina Middle East Corporation kompaniýasynyň baş menejeri ýüzlendi.

Türkmen lukmançylyk işgärleri BSGG-nyň seminarynda sanjym geçirmeklige ynamy ýokarlandyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärlerTürkmen lukmançylyk işgärleri BSGG-nyň seminarynda sanjym geçirmeklige ynamy ýokarlandyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärler

Türkmen lukmançylyk işgärleri BSGG-nyň seminarynda sanjym geçirmeklige ynamy ýokarlandyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenýärler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BSGG-nyň Ýurt edarasy bilen bilelikde lukmançylyk işgärleri üçin ilatyň COVID-19 garşy sanjyma bolan ynamyny ýokarlandyrmak meseleleri boýunça seminar geçirdi. Ýewropanyň immunizasiýa hepdeliginiň çäklerinde geçirilen çäräniň bilelikdäki guraýjylary bolup BMG-niň Çagalar gaznasynyň we Türkmenistandaky Ýewropa Birleşiginiň wekilhanalary çykyş etdiler.