Habarlar

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň diplomatik mekdepleri bilermenleri alyşmak maksatnamasyna badalga bermegi maslahatlaşdylarTürkmenistanyň we Ýaponiýanyň diplomatik mekdepleri bilermenleri alyşmak maksatnamasyna badalga bermegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň diplomatik mekdepleri bilermenleri alyşmak maksatnamasyna badalga bermegi maslahatlaşdylar

Bilermenleri alyşmak boýunça täze maksatnama badalga bermek meselesi Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Ýaponiýanyň halkara gatnaşyklary institutynyň baş direktory Tomiko Itikawa bilen duşuşygynyň barşynda esasylaryň biri boldy. Bu barada türkmen diplomatik ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.

Stambuldaky Simpoziuma gatnaşyjylar türki dilli ýurtlary media-hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdylarStambuldaky Simpoziuma gatnaşyjylar türki dilli ýurtlary media-hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdylar

Stambuldaky Simpoziuma gatnaşyjylar türki dilli ýurtlary media-hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga çagyrdylar

Türkiýäniň prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýa müdirliginiň neşirýat we teleradioýaýlymlar bölüminiň baştutany, TRT telekanalynyň direktorlar geňeşiniň agzasy Oguz Göksu Stambulda türki dilli dünýäniň synçylarynyň Simpoziumynda çykyş etmek bilen, türki dilli ýurtlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kommunikasiýa babatynda hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmany ösdürmäge çagyrdy.

“Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlarynyň köpeldilmegi uly geljegi wada berýär - Stiwen Raýt“Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlarynyň köpeldilmegi uly geljegi wada berýär - Stiwen Raýt

“Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek üçin maýa goýumlarynyň köpeldilmegi uly geljegi wada berýär - Stiwen Raýt

“Galkynyş” käni dünýä gaz gorlarynyň özboluşly ammarydyr. Gatlaklaryň çuňlugy 580-600 metr bolup, ony şertli ýagdaýda Burj Halif binasy bilen deňeşdirende, bu binanyň beýikliginiň 70% -ine deňdir. Uglewodorod gorunyň göwrümi 84 trillion kub metr – diýip, “GaffneyCline” kompaniýasynyň tehniki müdiri Stiwen Raýt Dubaýda (BAE) Halkara maýa goýum forumynda çykyşyna başlady.

Türkmenistan we BAE dünýä energetika arhitekturasyny döretmäge gatnaşýarlarTürkmenistan we BAE dünýä energetika arhitekturasyny döretmäge gatnaşýarlar

Türkmenistan we BAE dünýä energetika arhitekturasyny döretmäge gatnaşýarlar

Beýik ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen we dünýäde nebitiň we gazyň uly gorlarynyň eýesi bolmak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlary we Türkmenistan dünýä energetika arhitekturasynyň döredilmeginde has uly ähmiýete eýe bolýarlar. Bu bütindünýä energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn orun eýelemek bilen, ýokary maýa goýum özüne çekijiligini kesgitleýär hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň bu sebite gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar – diýip, Serdarmämmet Garajaýew - Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi çarşenbe güni Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň plenar sessiýasynda çykyş etmek bilen aýtdy.

Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyndaky orny ýokarlanar – BAE-niň döwlet ministriTürkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyndaky orny ýokarlanar – BAE-niň döwlet ministri

Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyndaky orny ýokarlanar – BAE-niň döwlet ministri

Energetika bazaryndaky häzirki ynamsyzlyk, şeýle hem çalt depginlere eýe bolýan energetika özgerlişigi uglewodorod serişdeleriniň durnukly we ynamly üpjün edijisi hökmünde we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we durnukly çeşmeleriniň ösdürilmegini goldaýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyny saklamakda möhüm ornuny has hem pugtalandyrýar. Bu barada BAE-niň döwlet ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň ( ADNOC) direktorlar geňeşiniň agzasy, Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baştutany Ahmed Ali Al Saýed beýan etdi. Onuň pikirine görä, Türkmenistanyň şunuň ýaly ähmiýetliligi diňe artar.