Habarlar

Türkmenistan gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara duşuşygyna wekilçilik etdiTürkmenistan gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara duşuşygyna wekilçilik etdi

Türkmenistan gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara duşuşygyna wekilçilik etdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara duşuşygyna we Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen korrupsiýa garşy göreşmek boýunça sebitara okuw çäresine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşyk geçirdi. Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýew myhman bilen Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň syýasy we ykdysady ugurlarda, energetika we daşky gurşaw howpsuzlygy, parlament diplomatiýasyny ösdürmek, şeýle hem ynsanperwerlik meselesinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy.

Türkmen Medeniýet institutynyň talyplary Daşkentde türk dünýäsiniň talyp teatrlary festiwalyna gatnaşdyTürkmen Medeniýet institutynyň talyplary Daşkentde türk dünýäsiniň talyp teatrlary festiwalyna gatnaşdy

Türkmen Medeniýet institutynyň talyplary Daşkentde türk dünýäsiniň talyp teatrlary festiwalyna gatnaşdy

Türk dünýäsiniň halkara talyp teatrlary festiwaly ilkinji gezek Daşkentde geçirildi. Özbek meýdançasynda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň talyp teatrlary öz sahnalaryny görkezdiler. Taslama Türki Medeniýetiň Halkara Guramasy TÜRKSOÝ we Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň kömegi bilen gurnaldy diýip, Kabar agentligi habar berýär.