Belorus Ýewraziýa ykdysady komissiýasyna «Ýewraziýa elektrobusy» döwletara maksatnamasy barada başlangyjy berdi
Iýul 06, 2023 | 12:56 |7449


Belorus Ýewraziýa ykdysady komissiýasyna «Ýewraziýa elektrobusy» döwletara maksatnamasyny işläp düzmek boýunça teklibi hödürledi. Bu barada Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň senagat syýasaty Bölüminiň müdiri Nikolaý Rogožnik komissiýanyň Kollegiýasynyň mejlisinde habar berdi.
Başlangyç şeýle hem Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň döwletlerinde ÝYK-nyň senagat syýasaty Bölümi tarapyndan taýýarlanylan «Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň agza-döwletleriniň elektroulag serişdeleri üçin zarýad infrastrukturasyny ösdürmek boýunça tejribesi» hasabatynyň esasynda zarýad infrastrukturasynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar.
ORIENT habarlar








