HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

NASA Marsda ýaşaýşy simulirleme üçin kyn synaga badalga berdi

Iýul 06, 2023 | 13:37 |6736
ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini barlag etmek boýunça Lindon Jonson adyndaky Milli müdirliginiň Älem merkezinde adamlaryň Marsdaky ýaly şertlerde ýerleşmegini simulirlemek boýunça synaga badalga berdiler.ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini barlag etmek boýunça Lindon Jonson adyndaky Milli müdirliginiň Älem merkezinde adamlaryň Marsdaky ýaly şertlerde ýerleşmegini simulirlemek boýunça synaga badalga berdiler.
Çeşme: techcult.ru

ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini barlag etmek boýunça Lindon Jonson adyndaky Milli müdirliginiň Älem merkezinde adamlaryň Marsdaky ýaly şertlerde ýerleşmegini simulirlemek boýunça synaga badalga berdiler. Dowamlylygy 378 gün bolan synagyň şertleri gaty agyrdyr. Şeýlelikde, synagyň tutuş dowamynda oňa gatnaşyjylara meýdany bary-ýogy 170 inedördül metre deň bolan simulýatordan çykmak gadagan edilýär. Olaryň borçlaryna – hemişelik türgenleşik etmek, azyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek, enjamlary döwrebaplaşdyrmak we abatlamak boýunça işjeňlikler, şeýle hem dürli tejribeleri geçirmek girýär. Synag şeýle hem planetanyň üstüne çykmagy öýkünmäni hem göz öňünde tutýar.

Synagyň dowamynda garyndaşlaryň bilen aragatnaşyk etmek hem çäklendirilendir.

Synaga gatnaşyjylaryň biri Ross Brokwelliň aýtmagyna görä, şuňa meňzeş taslamanyň esasy maksady — adamlaryň Gyzyl planetada ýaşaýşyň kynçylyklaryndan baş alyp çykarmak başarmagyny kesgitlemekdir. Ondan başga-da toparyň düzümine — alym-ylmy-barlagçy Kelli Haston, tiz kömek lukmany Natan Jons we ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň mikrobiology Anka Selariu girdiler.

Synagyň ýene-de bir agyr şerti 2023-nji ýylda ABŞ-da orta aýlyk hakyndan üç esse az tölegiň — sagadyna 10 dollaryň kesgitlenmegi boldy. Netijede synagyň her bir gatnaşyjysy bary-ýogy 60 müň dollar alar.

Bu gatnaşyjylary «Marsda diri galmaga» höweslendirmek üçin edilendir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi we GIZ Hazarüsti geçelgesiniň taslamasy boýunça sanly hyzmatdaşlygy giňeldýär

06:05 Sentýabr 16, 2026
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026