HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistan Ýewropa Bileleşigine we Singapura ýaşyl wodorod ugratmak barada gepleşikleri geçirýär

Iýul 06, 2023 | 01:19 |5544
Hindistan ekologiýa taýdan arassa energiýa taslamalaryna maýa goýjak Ýewropa
Bileleşigine we Singapura ýylda 11 million metrotonna ýaşyl wodorod ibermek
mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.Hindistan ekologiýa taýdan arassa energiýa taslamalaryna maýa goýjak Ýewropa
Bileleşigine we Singapura ýylda 11 million metrotonna ýaşyl wodorod ibermek
mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.
Çeşme: ey.com

Hindistan ekologiýa taýdan arassa energiýa taslamalaryna maýa goýjak Ýewropa Bileleşigine we Singapura ýylda 11 million metrotonna ýaşyl wodorod ibermek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.

Nýu-Deli ýurtlara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak arkaly öndürilýän ýaşyl wodorodyň önümçiligi bilen bagly uglerod karzlaryny ulanmaga mümkinçilik berýän ikitaraplaýyn şertnamalara garar – diýip, Reuters agentligi habar berdi.

Hindistan we ÝB ýylda 10 million metrotonna ýaşyl wodorod baradaky şertnamalary öwrendiler, resminamalara laýyklykda taraplar Hindistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalara maýa goýup bilerler. Singapur ikitaraplaýyn ylalaşyklar boýunça ýylda 5 million metrik tonna ýaşyl ammiak almagy göz öňünde tutýar, bu bolsa ýylda 1-1,5 million metrotonna ýaşyl wodorod bilen deňdir. Ýaşyl ammiak ýaşyl wodorodyň önümidir.

Çarşenbe güni Hindistan hökümetiniň geçiren duşuşyklaryna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda işleýän, şol sanda Avaada Group, Renew Power и ACME Group kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

"ÝB we Singapur bilen baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar hindistanly ýaşyl wodorod öndürijiler üçin örän ähmiýetlidir" – diýip, Avaada Group kompaniýasynyň başlygy Winit Mittal aýtdy.

Dünýä ýurtlary gazylyp alynýan ýangyçdan ýüz öwürmek we global ýylylyk meselesini oňyn çözmek üçin wodorody saýlaýarlar.

Geçen ýyl Hindistan ýaşyl wodorodyň esasy eksportçysy bolmak islegini amala aşyrmak maksady bilen 2,13 milliard dollarlyk höweslendiriş meýilnamasyny we 2030-njy ýyla çenli 5 million tonna ýaşyl wodorod öndürmek maksadyny tassyklady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026