HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Biržada bir günde 25 million dollara golaýlyk söwda geleşikleri baglaşyldy

Iýul 06, 2023 | 12:09 |6448
5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 24,8 million dollara barabar bolan 13 söwda geleşigi baglaşyldy. Şol günki söwdalarda suwuklandyrylan gaz, ECO-93 görnüşli awtobenzin, dizel ýangyjy, jins jalbary uly islegden peýdalandy.5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 24,8 million dollara barabar bolan 13 söwda geleşigi baglaşyldy. Şol günki söwdalarda suwuklandyrylan gaz, ECO-93 görnüşli awtobenzin, dizel ýangyjy, jins jalbary uly islegden peýdalandy.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 24,8 million dollara barabar bolan 13 söwda geleşigi baglaşyldy. Şol günki söwdalarda suwuklandyrylan gaz, ECO-93 görnüşli awtobenzin, dizel ýangyjy, jins jalbary uly islegden peýdalandy.

Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazyň 1 müň tonnasyny 335,2 müň amerikan dollaryna satyn aldylar. Goňşy döwletden söwda işewürleriniň ýene bir topary “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen ekologiýa taýdan arassa benziniň 35 müň tonnasyny 22,9 million dollara satyn aldylar.

Şeýle hem, owgan işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen dizel ýangyjynyň 2,5 müň tonnasyny 1,4 million dollara satyn aldylar.

Mundan başga-da, gyrgyzystanly işewür türkmen işewüri bilen 48,1 müň dollara jins jalbarynyň 13,2 müň sanysyny satyn almaga geleşik baglaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026