Habarlar

BMG-nyň Katarda Owganystan boýunça geçiren sammitine Türkmenistan gatnaşdyBMG-nyň Katarda Owganystan boýunça geçiren sammitine Türkmenistan gatnaşdy

BMG-nyň Katarda Owganystan boýunça geçiren sammitine Türkmenistan gatnaşdy

BMG-nyň Baş sekretary António Guterreş adam hukuklary, hususan-da aýal-gyzlaryň hukuklary, inklýuziw dolandyryş, terrorçylyga we bikanun neşe söwdasyna garşy göreş ýaly möhüm meselelerde umumy pikire gelmek üçin Kataryň Doha şäherinde sammit üçin Owganystan boýunça ýörite wekilleri ýygnady. Duşuşyk bu meseleler boýunça Talyban bilen nähili işleşmelidigi barada halkara jemgyýetçiliginde umumy düşünişmäge gönükdirilendir.

Söwda resminamalarynyň ýönekeýleşdirilmegi Türkmenistanyň BSG-ä girmegini çaltlaşdyryp bilerSöwda resminamalarynyň ýönekeýleşdirilmegi Türkmenistanyň BSG-ä girmegini çaltlaşdyryp biler

Söwda resminamalarynyň ýönekeýleşdirilmegi Türkmenistanyň BSG-ä girmegini çaltlaşdyryp biler

Halkara söwda proseduralarynyň ýönekeýleşdirilmegi we "bitewi penjire" mehanizmini ulanmak Türkmenistanyň BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ýurduň BSG-ä goşulmak prosesini hem göz öňünde tutýan iň möhüm taraplaryndan biri hasaplanýar. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanyň BMG-nyň ÝYK-yň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Maryasin bilen geçiren duşuşygynda gürrüň edildi.

Janni Infantino Merkezi Aziýa amala aşyrýan saparynyň çäginde Türkmenistana gelerJanni Infantino Merkezi Aziýa amala aşyrýan saparynyň çäginde Türkmenistana geler

Janni Infantino Merkezi Aziýa amala aşyrýan saparynyň çäginde Türkmenistana geler

Halkara Futbol Assosiasiýalary Federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino 4-nji maýda Türkmenistana sapar bilen geler. FIFA-nyň başlygy bir günlük saparynyň dowamynda ýurduň we milli futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen "millionlarça adamyň oýny" bolan futboluň ösüşi we özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşar - diýip, "Türkmenistan - Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýärlerTürkmenistanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýärler

Türkmenistanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýärler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Pakistanyň Ylym we tehnologiýa milli uniwersitetiniň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň NUST-yň rektory Jawed Mahmud Buhari bilen duşuşygynyň barşynda bellenip geçildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.