HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-nyň howanyň üýtgemegi boýunça Maslahatyna gatnaşdy

Iýul 11, 2023 | 16:30 |5450
Türkmenistanyň wekiliýeti oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministri Çaryýar Çetiýewiň baştutanlygynda ÝHHG-nyň howanyň üýtgemegi boýunça Wenada  geçen Maslahatyna gatnaşdy.Türkmenistanyň wekiliýeti oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministri Çaryýar Çetiýewiň baştutanlygynda ÝHHG-nyň howanyň üýtgemegi boýunça Wenada  geçen Maslahatyna gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy tarapyndan

Türkmenistanyň wekiliýeti oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministri Çaryýar Çetiýewiň baştutanlygynda ÝHHG-nyň howanyň üýtgemegi boýunça Wenada geçen Maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, türkmen wekiliýetiniň baştutany ýurduň howanyň üýtgemegine garşy göreşmekdäki üstünlikleri barada gürrüň berdi we bu babatdaky milli ileri tutulýan ugurlary kesgitledi.

Şeýlelikde, howanyň üýtgemegi babatynda milli strategiýanyň çäklerinde Türkmenistan üçin ileri tutulýan wezipeler aşakdakylardyr:

-ýurduň çäginde howa we howanyň üýtgemegine gidrometeorologik gözegçilikleriň kämilleşdirilmegi, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini ýumşatmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleriň işlenip düzülmegi we ýerine ýetirilmegi;

  • ýangyç-energetika serişdelerini tygşytlamak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi we energonetijeli we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaklygyň hasabyna 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňylmagyny durnuklaşdyrmak;

    -howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň çäreleri babatynda halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak.

Maslahaty ÝHHG-nyň baş sekretary Helga Mariýa Şmid geçirdi. Oňa ÝHHG-nyň agza-ýurtlarynyň we hyzmatdaşlarynyň ministrleri, howa boýunça wekilleri we beýleki ýokary derejeli syýasy işgärleri, halkara guramalarynyň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri, bilermenler gatnaşdylar.

Maslahat ÝHHG-nyň sebidinde howpsuzlyk we durnuklylyk üçin howanyň üýtgemeginiň mümkin bolan netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga meýdançany üpjün etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026