Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýän adamlaryň sany artýar

Iýul 11, 2023 | 14:47 |5829
Ýapon dilini öwrenýän türkmenistanlylaryň sany okgunly artýar. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.Ýapon dilini öwrenýän türkmenistanlylaryň sany okgunly artýar. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: nihon-go.ru

Ýapon dilini öwrenýän türkmenistanlylaryň sany okgunly artýar. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýapon gaznasynyň – ýurduň daşary işler Ministrliginiň dolandyrmagyndaky guramanyň barlagyna görä, 2021-nji ýylda ýapon dilini öwrenýänleriň sany 100 müň adam artdy. Bu 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 220 essä golaý köpdür.

Ýapon dili — bu Günüň dogýan ýurdunyň taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan baglanyşykly ajaýyp gündogar dilidir. Ethnologue saýtynyň maglumatlaryna görä, ýapon dili dünýäniň ähli dilleriniň arasynda bu dilde gürleýänleriň sany boýunça dokuzynjy ýeri eýeleýär. Bu dilde 140 million adam gürleýär, olardan 125 milliony bu dili ene dili hasaplaýarlar.

Ýapon dili dünýä dilleriniň köpüsinden örän güýçli tapawutlanýar, şol bir wagtda özüniň owadanlygy we täsirliligi bilen köp adamlary özüne çekýär. Bu poeziýanyň, edebiýatyň, animeniň, manginiň (ýapon komiksiniň) we tehnologiýanyň dilidir. Ýapon dilinde sypaýyçylygyň birnäçe derejeleriniň bardygyny bellemelidiris. Kim bilen gürleşýändigiňize baglylykda, siz dürli-dürli gürläp bilersiňiz. Käbir ýerlerde goşulmalar üýtgeýär, käbir ýerlerde has sypaýy sözler saýlanyp alynýar.

Türkmenistanda ýapon dilini okatmak boýunça hünärmenleri D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty taýýarlaýar. Ýapon dilini şeýle hem ýurduň ýöriteleşdirilen orta okuw mekdepleriniň birnäçesinde okadýarlar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026