

7,3 million dollarlyk 10 söwda geleşigi baglaşyldy
10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy 7,3 million dollar bolan söwda geleşikleriň 10-sy baglaşyldy.


10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy 7,3 million dollar bolan söwda geleşikleriň 10-sy baglaşyldy.


Ýylyň başyndan bäri Lebap welaýat Azyk önümçilik birleşiginde 25 müň tonna golaý pagta çigidi gaýtadan işlenilip, arassalanmadyk pagta ýagynyň 3950 tonnasy öndürildi.


Gazagystan we Özbegistan döwlet araçägini kesgtlemek prosessini doly tamamladylar – diýip, Gazagystanyň DIM-niň resmi wekili Aýbek Smadiýarowa salgylanyp, «Казинформ» halkara maglumatlar agentligi habar berýär.


Şanhaýda geçen 2023-nji ýylyň emeli intellekt boýunça Bütindünýä maslahatynda Fudan Uniwersitetiniň alymlary emeli intellektli roboty görkezdiler, ol adamlara diňe ony göz öňüne getirmek arkaly kofe sargyt etmäge mümkinçilik berýär. Bu barada China daily habar berýär.


Türkiýe hökümeti 2023-nji ýyldaky ýangyn kampaniýasynyň mehanizmini görkezdi. Gökden ýangyn söndürmek barada aýdylanda, ýöriteleşdirilen flotda 21 uçar, 94 dikuçar we 8 pilotsuz uçar bolup, şeýle hem olara 25 000 ýangyn söndüriji we 120 000 golaý meýletinçiler girýär. Ankaranyň maksady – ýurduň tokaýlarynyň we tokaýly zolaklarynyň gymmatlylygyny goramak.


Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Bahreýn Patyşalygy bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda howa aragatnaşygy baradaky şertnamany tassyklaýan kanuna gol çekdi. Ondan ozal bu resminama kanun çykaryjy - Şura geňeşi we Wekiller palatasy tarapyndan tassyklanypdy.


BAE-nyň wise-prezidenti, premýer-ministri we Dubaýyň hökümdary Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum arapça okamagyň 7-nji bäsleşiginiň çäginde geçirilen BAE-niň saýlama ýaryşynyň ýeňijilerini gutlady.


Nýu-Ýorkda, BMG-da, duşenbe güni, 10-njy iýulda Ykdysady we sosial geňeşiň howandarlygynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum başlady. Çäräniň çäginde 17-inden 19-njy iýul aralygynda üç günlük ministrler bölümi bolar we ECOSOC forumy penşenbe günim 20-nji iýulda tamamlanar.


Meşhur özbek aktýory Jawahir Zakirow ýakyn wagtda düşüriljek “Tamerlan” taryhy filminde Amir Temuryň keşbini janlandyrmak üçin synaglardan geçdi. UPL24-iň berýän habaryna görä, film beýik serkerde Amir Temuryň durmuşyna bagyşlanýar.


«Şuşa - türki dünýäsiniň medeni paýtagty» elektron maglumatlar bazasy, Azerbaýjanyň M.F.Ahundzade adyndaky Milli kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan taýýarlandy we ulanyjylara hödürlendi.


Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen gepleşik geçirdi.


Gün energiýasyny wodoroda öwürmek boýunça dünýädäki iň uly önümçilik desgasy Hytaýyň Sinopec nebit-gaz we himiýa korporasiýasy tarapyndan işe girizildi. Bu barada renen.ru portaly habar berýär.


Gazagystan Respublikasynyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň goldawy bilen «QazTrade» Söwda syýasatynyň ösüş merkezi Alibaba.com Halkara söwda platformasyna çykarmak boýunça kompaniýa saýlamagyň başlandygyny habar berdi. Bu barada merkeziň metbugat gullugy habar berýär.


Öňümizdäki hepde türkmenistanlylary yssynyň 40-44 derejä ýokarlanmagy garaşýar – iň ýokary dereje sişenbe we çarşenbe günleri bolar diýip, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly Şawkat Mirziýoýewi ýakynda Özbegistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk özbek halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.