Habarlar

Alymlar juma gününi iş üçin hepdäniň iň az öndürijilikli güni diýip atlandyrdylarAlymlar juma gününi iş üçin hepdäniň iň az öndürijilikli güni diýip atlandyrdylar

Alymlar juma gününi iş üçin hepdäniň iň az öndürijilikli güni diýip atlandyrdylar

Tehas uniwersitetiniň alymlarynyň tejribesine uly energetika kompaniýasynyň işgärleri gatnaşdylar. Iki ýylyň dowamynda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2018-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda synçylar 789 işçä syn etdiler, ýagny kompýuteriň ulanylyş görkezijilerini: ýazmagyň tizligi, ýazuwda ýalňyşlyk we syçanjygyň işjeňligini seljerdiler. Synlar, ofis işgärleriniň haýsy wagtda has işjeň däldigini we ýalňyşlyklara has ýykgyn edýändigini anyklamaga mümkinçilik berdi diýip, Plos ONE ýazýar.

Gazagystan-owgan işewürler forumynda 190 million dollarlyk şertnamalara gol çekildiGazagystan-owgan işewürler forumynda 190 million dollarlyk şertnamalara gol çekildi

Gazagystan-owgan işewürler forumynda 190 million dollarlyk şertnamalara gol çekildi

Astanada, 3-nji awgustda Gazagystan-owgan işewür forumynda 190,8 million dollarlyk eksport şertnamalaryna gol çekildi. Duşuşygyň netijesinde oba hojalyk önümleri, un we ösümlik ýagy bilen üpjün etmek üçin 15 şertnama, şeýle hem Milli ýag ösümliklerini gaýtadan işleýän birleşigi (Gazagystan) bilen Balh ýag söwdagärleri birleşiginiň (Owganystan) arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekildi. Iň köp resminama (9 şertnama) ýag üpjünçiligine degişlidir.