HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“iPhone 15” düýpli özgertmeler bilen çykarylar

Awgust 04, 2023 | 18:01 |7147
Meşhur smartfon modeliniň indiki nesli “iPhone 15” düýpli özgertmeleri özünde jemlär. Bu özgertmeler ilkinji nobatda, programma düwmesini, ulaldylan ekrany, güýçlendirilen kamerany we prosessory özünde jemlär. “Bloomberg” habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, “Apple” kompaniýasynyň täze smartfony şu ýylyň sentýabr aýynda tanyşdyrylar.Meşhur smartfon modeliniň indiki nesli “iPhone 15” düýpli özgertmeleri özünde jemlär. Bu özgertmeler ilkinji nobatda, programma düwmesini, ulaldylan ekrany, güýçlendirilen kamerany we prosessory özünde jemlär. “Bloomberg” habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, “Apple” kompaniýasynyň täze smartfony şu ýylyň sentýabr aýynda tanyşdyrylar.
Çeşme: Bloomberg

Meşhur smartfon modeliniň indiki nesli “iPhone 15” düýpli özgertmeleri özünde jemlär. Bu özgertmeler ilkinji nobatda, programma düwmesini, ulaldylan ekrany, güýçlendirilen kamerany we prosessory özünde jemlär. “Bloomberg” habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, “Apple” kompaniýasynyň täze smartfony şu ýylyň sentýabr aýynda tanyşdyrylar.

Mälim edilişine görä, täze smartfonda ilkinji gezek öňki kamera üçin “Dynamic Island” diýlip atlandyrylýan goşmaça funksionally bölegi emele getiriler. Täze önümiň “Pro” we “Pro Max” displeýi “LIPO” tehnologiýasy boýunça taýýarlanyp, onuň çarçuwasyny 0,7 millimetre çenli kiçeldilip, onuň galyňlygy 1,5 millimetre çenli ýetiriler. Täzelikler smartfonyň daşky bezeginde hem bolar. Has dogrusy, smartfonyň korpusynyň çarçuwasy titan ergininden, yzky paneli bolsa, aýna görnüşden ýasalar. Täze modeliň içki gurluşynyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň abatlamak ýagdaýynda işi aňsatlaşdyrar.

Şeýle hem, “iPhone 15-iň” täze esaslyk modeli özünde “USB-C” portuny öznde jemlär. Bu “Apple” kompaniýasynyň taryhyndaky ilkinji täzelikdir. Täze port birikidiriji arkaly maglumatlaryň alyş işini çaltlandyrar. Täze smartfonyň kamerasynyň täze obýektiwkasy we giňeldilen optiki zumy bolar. Programmalaşdyrylan “Action Button” düwmesi bolsa, smartfonyň sessiz görnüşe geçirýän düwmesi bilen çalşylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026