Habarlar

Siriýa, Uganda we Burkina-Faso Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyna agza boldularSiriýa, Uganda we Burkina-Faso Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyna agza boldular

Siriýa, Uganda we Burkina-Faso Türkmenistanyň Bitaraplygyň dostlary toparyna agza boldular

Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna üç sany täze agza ýurt — Burkina-Faso, Siriýa Arap Respublikasy we Uganda goşuldy. "Agzalaryň sanynyň artmagy bitaraplyk ýörelgeleriniň has giňden ulanylmagy esasynda Toparyň ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüş maksatlaryna bolan ygrarlylygyny güýçlendirer” – diýlip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanasynyň internet sahypasynda ýerleşdirilen habarda bellenilýär.

BMGniň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy Türkmenistanyň BMG-nyň maksatnamasy boýunça Aral deňzi üçin öňe süren rezolýusiýasyny kabul etdiBMGniň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy Türkmenistanyň BMG-nyň maksatnamasy boýunça Aral deňzi üçin öňe süren rezolýusiýasyny kabul etdi

BMGniň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy Türkmenistanyň BMG-nyň maksatnamasy boýunça Aral deňzi üçin öňe süren rezolýusiýasyny kabul etdi

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESCAP) Bangkokda (Taýland) geçirilen 79-njy mejlisinde Türkmenistanyň BMG-nyň maksatnamasy boýunça Aral deňzi üçin öňe süren "Aral deňziniň basseýni üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine garamak" rezolýusiýasyny biragyzdan kabul etdi.