HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

73 ýaşly Gazagystanly Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek isläp, dünýä boýunça pyýada syýahata çykýar

Awgust 03, 2023 | 20:38 |6993
Gazagystanly syýahatçy, 73 ýaşyndaky Sarsenbaý Kotyraşow 2-nji awgustda iki ýyl dowam etjek dünýä syýahatyna ugrady. Dogduk mekany Atyraua 2025-nji ýylyň awgust aýynda dolanmagy meýilleşdirýär diýip, Kazinform habar berýär.Gazagystanly syýahatçy, 73 ýaşyndaky Sarsenbaý Kotyraşow 2-nji awgustda iki ýyl dowam etjek dünýä syýahatyna ugrady. Dogduk mekany Atyraua 2025-nji ýylyň awgust aýynda dolanmagy meýilleşdirýär diýip, Kazinform habar berýär.
Çeşme: Kazinform

Gazagystanly syýahatçy, 73 ýaşyndaky Sarsenbaý Kotyraşow 2-nji awgustda iki ýyl dowam etjek dünýä syýahatyna ugrady. Dogduk mekany Atyraua 2025-nji ýylyň awgust aýynda dolanmagy meýilleşdirýär diýip, Kazinform habar berýär.

«Dünýä boýunça syýahatyň esasy maksady – Ginnesiň rekordlar kitabyna girip, dünýä rekordyny goýmak. Resmi maglumatlara görä, şu güne çenli 70 ýaşdan uly adam üçin şuňa meňzeş ýazgy entek hasaba alynmady. Men fiziki taýdan gowy. Gazagystan boýunça pyýada marafony şol bir wagtyň özünde meniň üçin synag we taýýarlyk boldy. Ýaş – hiç zadyň görkezijisi däl. Men muny başarjagymy duýýaryn, güýjüme ynanýaryn we şonuň üçin hem şeýle jogapkärli ädim ätmegi makul bildim», – diýip Sarsenbaý Kotyraşow aýdýar.

Ol, Gazagystan – Russiýa – Gruziýa – Türkiýe – Bolgariýa – Serbiýa – Wengriýa – Awstriýa – Germaniýa – Fransiýa – ABŞ – Hytaý – Mongoliýa – Russiýa – Gazagystan ugry boýunça gitmegi meýilleşdirýär. Amatlylyk üçin aralyk birnäçe tapgyra bölünýär. Birinjisi Gazagystan–Russiýa–Gruziýa–Türkiýe. Bu bölek – 3000 km bolup, meýilnama boýunça ony Sarsenbaý Kotyraşow 100 günüň dowamynda geçmekçi. Ikinji tapgyr, iň uzyn – Türkiýe–Fransiýa–ABŞ – 180 gün we 9000 km-den gowrak ýol. Üçünjisi – ABŞ–Hytaý–Mongoliýa–Russiýa–Gazagystan 130 günde 4000 km-den gowrak aralygy geçmegi meýilleşdirýär.

Gazagystanly syýahata iň zerur zatlary – arassaçylyk serişdelerini, çalşyk eşik, aýakgap we az-kem azyk önümleri ýerleşdirilen arabasyny aldy. Ol günde 30-40 km pyýada ýöremekçi.

Žezkazganyň ýaşaýjysy, 72 ýaşly Sarsenbaý Kotyraşow pyýada gezelenje täze başlamady. Ol bir ýyl ozal 8000 kilometr ýoly geçip, 181 günüň içinde Gazagystany aýlanypdy.

Ýoluň birinji tapgyryndan geçen Sarsenbaý Kotyraşow Gazagystana gaýdyp geler we indiki ýyl baharyň başlamagy bilen ýene-de dünýä boýunça syýahatyň ilkinji tapgyrynyň gutarjak ýerinden ýene ýola çykar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026