HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli intellekt Google-a we onuň müşderilerine ekologiýa ýetirilýän zyýany azaltmaga ýardam berýär

Awgust 04, 2023 | 23:12 |7723
Google öz alyp barýan işinde ekologiýa abadançylygyna möhüm üns berýär, Ýer şarynyň geljegi barada alada edýär. Kompaniýa müşderilerine daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmaga kömek bermek üçin, öz hyzmatlarynda emeli intellekti ulanýar.Google öz alyp barýan işinde ekologiýa abadançylygyna möhüm üns berýär, Ýer şarynyň geljegi barada alada edýär. Kompaniýa müşderilerine daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmaga kömek bermek üçin, öz hyzmatlarynda emeli intellekti ulanýar.
Çeşme: 3dnews.ru

Google öz alyp barýan işinde ekologiýa abadançylygyna möhüm üns berýär, Ýer şarynyň geljegi barada alada edýär. Kompaniýa müşderilerine daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmaga kömek bermek üçin, öz hyzmatlarynda emeli intellekti ulanýar.

Hususan-da, Google kartalary has oňaýly ugry saýlap almak hem-de ýangyjyň sarp edilşini azaltmak üçin aýratyn algoritmleri ulanýar. Mundan başga-da Google daşky gurşawa täsiri peseltmek üçin akkumulýator batareýalaryň zarýadynyň sarp edilşini azaltmaga çalyşýar.

Kompaniýa her ýylky hasabatynda özüniň bu ulgamdaky ýeten sepgitlerini jikme-jik beýan edýär hem-de tebigy serişdeleri aýawly saklamak boýunçy umumy tagallalara goşýan goşandyny görkezýär.

Google zyňyndylary azaltmak hem-de klimat wehimlerini aradan aýyrmak boýunça çözgütleri kabul etmekde müşderilere ýardam bermäge ukyply, dünýäde iň netijeli data merkezlere eýedir.

Google Cloud-yň emeli intellekte esaslanýan Active Assist funksiýasy artykmaç, peýdasyz zähmeti ýüze çykarmaga we şunuň bilen birlikde, uglerod zyňyndylaryny azaltmaga hem-de maliýe serişdelerini tygşytlamaga ýardam berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026