

TASS maglumatlar agentliginde baş direktor çalyşdy
Russiýanyň döwlet maglumatlar agentligi TASS-da baş direktor çalyşdy- diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär. Degişli buýruga RF-nyň premýer-ministri Mihail Mişustin gol çekdi.


Russiýanyň döwlet maglumatlar agentligi TASS-da baş direktor çalyşdy- diýlip, agentligiň saýtynda habar berilýär. Degişli buýruga RF-nyň premýer-ministri Mihail Mişustin gol çekdi.


Dört sagat işiň dowamynda Twitteriň Meta-dan analogynda — Threads täze sosial torunda 5 mln ulanyjy hasaba alyndy. Bu barada Meta korporasiýasynyň bilelikdäki esaslandyryjysy Mark Sukerberg özüniň Threads-däki sahypasynda habar berdi.


ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini barlag etmek boýunça Lindon Jonson adyndaky Milli müdirliginiň Älem merkezinde adamlaryň Marsdaky ýaly şertlerde ýerleşmegini simulirlemek boýunça synaga badalga berdiler.


Belorus Ýewraziýa ykdysady komissiýasyna «Ýewraziýa elektrobusy» döwletara maksatnamasyny işläp düzmek boýunça teklibi hödürledi. Bu barada Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň senagat syýasaty Bölüminiň müdiri Nikolaý Rogožnik komissiýanyň Kollegiýasynyň mejlisinde habar berdi.


Aşgabat şäherinde 2030-njy ýyla çenli 3 sany ýerasty drenaž-aragatnaşyk ulgamy gurlar. Bu barada şäher häkimliginiň baş inženeri Arslan Amangeldiýewiň sözlerine salgylanyp, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.


ÝHHG tarapyndan gurnalan 26-njy Merkezi Aziýa metbugat konferensiýasy 6-7-nji iýulda Bişkekde geçirilýär. Mediýa forumynyň mowzugy – «Çatryklarda. Demokratiýa üçin metbugat azatlygyny goramak». Ara alyp maslahatlaşmalara metbugat wekilleri we Türkmenistanyň bilermenler jemgyýeti hem gatnaşýar.


5-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy 24,8 million dollara barabar bolan 13 söwda geleşigi baglaşyldy. Şol günki söwdalarda suwuklandyrylan gaz, ECO-93 görnüşli awtobenzin, dizel ýangyjy, jins jalbary uly islegden peýdalandy.


Minskidäki sport Köşgüniň öňünde GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagynyň sanalmagyna badalga berýän simwoliki düwmäni basdylar. Bu barada BelTA habar berýär.


Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK+) beýleki döwletleri goşulmaga çagyrýar. Gurama özüne agza döwletleriň sanyny köpeltmek arkaly nebit önümleriniň bahalary boýunça çaklamalary aýdyňlaşdyrmagy we netijede dünýä bazarynda durnuklylygy gazanmagy maksat edinýär.


Hindistan ekologiýa taýdan arassa energiýa taslamalaryna maýa goýjak Ýewropa Bileleşigine we Singapura ýylda 11 million metrotonna ýaşyl wodorod ibermek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.


Yslam Respublikasynda gaz merkezini döretmek boýunça Russiýa bilen geçirilen gepleşiklere Eýran gowy baha berýär. Bu barada OPEK-iň sekizinji halkara seminarynyň çäginde Eýranyň nebit ministri Jawad Ouji žurnalistlere aýtdy.


Çarşenbe güni, Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Daşary işler ministrliginiň Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň we Ösüş meseleleri boýunça döwlet sekretarynyň Parlament orunbasary, ministr Leo Doherti, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdasadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Britaniýaly myhman türkmen paýtagtyna iş sapary bilen geldi diýip, Türkmenistanyň DIM habar berýär.


Hytaýy Merkezi Aziýanyň üstünden we Hazar deňzini Kawkaz, Türkiýe we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan Trans-Hazar halkara ulag ugry (TMTM ýa-da Middle Corridor, Orta geçelge), ýükleriň mukdary beýleki geçelgelerden geçmegi sebäpli söwdanyň çalt ösýändigini görkezýär.


5-6-njy iýulda Bakuda Goşulmazlyk hereketiniň Utgaşdyryjy býurosynyň ministrleriniň mejlisi geçirilýär. Iki günlük duşuşygyň esasy mowzugy –"Goşulmazlyk hereketi: geljekdäki kynçylyklara garşy durmakda bitewilik we sarsmazlyk".


"Bolşaýa Aziýa" (Uly Aziýa) teleýaýlymy Türkmenistan hakda filmleri görkezer. Millionlarça tomaşaçy Türkmenistanyň baý taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, ägirt uly ykdysady üstünlikleri we syýasy sepgitleri barada gürrüň berýän telewizion žurnallaryna tomaşa edip biler – diýip SNG.FM habar berýär.