HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahal welaýatynda 7 mekdep, 4 sany täze çagalar bagy açylar

Awgust 21, 2023 | 09:17 |11505
1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal welaýatynda 7 mekdep we 4 sany hem çagalar bagy dabaraly açylar. Jemi alanyňda ýurdumyzyň bu sebitinde umumybilim berýän orta mekdepleriň sany 374-e, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany hem 134-e ýetýär diýip, “Mugallymlar gazetinde” mälim edilýär.1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal welaýatynda 7 mekdep we 4 sany hem çagalar bagy dabaraly açylar. Jemi alanyňda ýurdumyzyň bu sebitinde umumybilim berýän orta mekdepleriň sany 374-e, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany hem 134-e ýetýär diýip, “Mugallymlar gazetinde” mälim edilýär.
Çeşme: education.gov.tm

1-nji sentýabrda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal welaýatynda 7 mekdep we 4 sany hem täze çagalar bagy dabaraly açylar. Jemi alanyňda ýurdumyzyň bu sebitinde umumybilim berýän orta mekdepleriň sany 374-e, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany hem 134-e ýetýär diýip, “Mugallymlar gazetinde” mälim edilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu sebitinde döwrebap bilim infrastrukturasy emele getirildi. Welaýatyň mekdeplerinde zähmet çekýän 10,6 müň sany mugallym we çagalar baglarynda işleýän 1,6 müň sany terbiýeçi çagalara döwrebap bilim we sowat öwredýärler.

Öňümizdäki okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem birnäçe orta mekdepleri we çagalar baglary dabaraly ulanyşa berler. Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji sentýabrda Lebap welaýatynda 8 sany täze umumybilim berýän mekdep açylar. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde şu okuw ýylyndan başlap, 500 töweregi ýaş hünärmen mugallymçylyk işine gadam basar. Bu sebitdäki orta mekdeplerde okuwçylaryň 324 müňe golaýy umumybilim alýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň iş ýollanmasy esasynda şu okuw ýylynda 532 sany ýaş mugallym Daşoguz welaýatynyň orta mekdeplerine, 19 sany terbiýeçi hem çagalar baglaryna işe ugradyldy.

Balkan welaýatynda ýaşlara goşmaça bilim, hünär öwredýän 11 sany bilim edarasy hereket edýär. Geçen okuw ýylynda bu edaralar 38 hünär ugry boýunça 407 sany topara bilim berdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026