Habarlar

Hançžou-2022 daşary ýurtly alaw göterijileri alaw estafetasyna gatnaşmaga çagyrýarHançžou-2022 daşary ýurtly alaw göterijileri alaw estafetasyna gatnaşmaga çagyrýar

Hançžou-2022 daşary ýurtly alaw göterijileri alaw estafetasyna gatnaşmaga çagyrýar

Hançžoudaky Tomusky Aziýa Oýunlary 2022-ni gurnaýjylar daşary ýurtlaryň wekillerini alaw estafetasyna gatnaşmaga çagyrýar. Şeýlelikde, olar ýaryşlara gatnaşýan her gatnaşyjy topara 12-nji iýuna çenli alawy göterijiniň dalaşgärligini hödürlemegi teklip etdiler, ol Oýunlaryň açylmagyna üç gün galanda onuň Hançžouda syýahat etmeginiň çäklerinde alawy göterer.

Sungatyň çägi ýok: dürli ýurtlaryň diplomatlary Moskwadaky sergide öz nakgaş eserlerini görkezdilerSungatyň çägi ýok: dürli ýurtlaryň diplomatlary Moskwadaky sergide öz nakgaş eserlerini görkezdiler

Sungatyň çägi ýok: dürli ýurtlaryň diplomatlary Moskwadaky sergide öz nakgaş eserlerini görkezdiler

Portretler, natýurmortlar, peýzaž eserleri - Moskwada işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen jemi 150-den gowrak surat "Dünýä reňkleri" sergisinde sergilenýär. Sergi sişenbe güni Moskwanyň häzirki zaman sungaty muzeýinde açyldy. Ol Russiýanyň Daşary işler ministrligi bilen Moskwadaky diplomatik korpusyň wekili, Azerbaýjanyň ilçisi Polad Bülbül ogly tarapyndan bilelikde guraldy – diýip, TASS habar berýär.

Eýranyň Nebit ministri Türkmenistan bilen gaz şertnamasyny yglan etdiEýranyň Nebit ministri Türkmenistan bilen gaz şertnamasyny yglan etdi

Eýranyň Nebit ministri Türkmenistan bilen gaz şertnamasyny yglan etdi

Eýranyň Nebit ministri Jawad Oji ýakyn wagtda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz şertnamasyna gol çekiljekdigini, şertnama laýyklykda Eýranyň iýun aýynda Türkmenistandan her gije-gündizde 10 million kub metr gaz import edip başlajakdygyny aýtdy. "Isna" habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, bu barada ministr "Türkmengaz" DK-niň baştutany Batyr Amanow bilen duşuşygyň çäginde žurnalistlere habar berdi.