Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy —Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy boldy. Bu barada ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda uly şatlyk bilen habar berdi.
Bu jemgyýet ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. Ol ÝUNESKO-nyň ýaşlar babatyndaky başlangyçlarynyň we beýleki ugurdaş taslamalaryň arasynda özara hereketleriň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlary öz guramalarynyň işine giňden çekmäge, ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär. Ol şeýle hem ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar we ýaşlaryň guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň özara bilim we tejribe alyşmak, hyzmatdaşlyk etmek babatda işleriň ilerlemegine ýardam eder.
ORIENT news








