

Yrak Türkmenistandan gaz import etmegiň mümkinçilikleri barada pikir edýär
Yragyň premýer-ministri Mohammed Şia Al-Sudani, energetika pudagynda Yrak resmileri bilen bolan duşuşygynda, elektrik stansiýalaryna zerur ýangyç bermekde kynçylyk çekýänligi sebäpli, gaz importyna çözgütleri tapmagy tabşyrdy. Bu barada IraqiNews.com premýer-ministriň kanselýariýasynyň çap eden beýanyna salgylanyp habar berdi.



















